SPORT

Ýewropa çempionatynyň iň gowy futbolçylary

Umuman, bir aý dowam eden futbol boýunça 16-njy Ýewropa çempionaty tamamlandy. Italiýanyň milli ýygyndysy çempionatyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy başardy.

53 ýyldan soňra ikinji gezek Ýewropanyň iň güýçli topary bolan Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmän gelýän duşuşyklarynyň sanyny hem 34-e çykardy. bu ugurda rekord 35 duşuşykdyr.

ÇEMPIONATYŇ IŇ GOWY FUTBOLÇYSY

Ýewropa çempionatynyň iň gowy futbolçysy hökmünde Italiýanyň derwezebany Janluiji Donnarumam saýlandy. Donnarumma Ýewropa çempionatynda meýdançada 719 minut geçirdi. 3 duşuşykda gol geçirtmedi we umuman çempionatda 4 gol derwezesine geçirtdi. Ol derwezesini 9 goldan halas etdi.

ÇEMPIONATYŇ IŇ ÝAŞ FUTBOLÇYSY

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Pedri Ýewropa çempionatynyň iň ýaş we gowy futbolçysy saýlandy. Pedri Ýewropa çempionatynda 629 minut oýnady. Şol döwürde 76,1 kilometr menzil aşdy. Pökgi bilen 38,23 kilometr ýol geçdi. Paslarynyň takyklygy 92,3 göterime deň boldy.

ÇEMPIONATYŇ IŇ NETIJELI FUTBOLÇYSY

Ýewropa çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo boldy. Ol 5 gol geçirip, 1 gol pasyny berdi we 360 minut oýnady.

Umuman, 1 ýyl yza süýşýrilip geçirilen Ýewropa çempionaty iň bir netijeli çempionatlaryň biri boldy. 54 duşuşyk geçirilip, bu duşuşyklarda jemi 142 gol geçirildi.

 

Käbir ýurtlar bilen hökümetara toparynyň düzümi tassyklandy

 

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy