SPORT

Ýewropa çempionaty 1 ýyl yza süýşürildi

2020-nji ýylyň 12-nji iýuny-12-nji iýuly aralygynda geçirilmegi göz öňünde tutulan futbol boýunça Ýewropa çempionaty 2021-nji ýylda geçiriler. Bu barada Ýewropanyň Futbol Federasiýasynyň (UEFA) sebitiň 55 milli futbol federasiýalary bilen wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçirilen maslahatynda mälim edildi. Ýewropa çempionaty 2021-nji ýylyň 12-nji iýuny-12-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Bu barada Norwegiýanyň futbol federasiýasy öz “Twitter” hasabyndan mälim etdi. Bu barada eýýäm köp sanly dünýäniň iri habar gulluklary habar berdi. UEFA-nyň öz resmi internet sahypasynda bur barada entek maglumat berilmedi.

Şu ýyl «Euro-2020» çempionatynyň duşuşyklaryny Sankt-Peterbugr, London, Mýunhen, Baku, Rim, Buharets, dublin, Kopengagen, Bilbao, Glazgo, Budapeşt we Amsterdam ýaly dürli şäherlerde geçirmek göz öňünde tutulypdy.

Milli çempionatlar we toparlar “Euro-2020” Ýewropa çempionatynyň senesini üýtgetmek üçin UEFA guramasyna 275 million ýewro serişde gönükdirerler.

Ýewropa çempionatynyň yza süýşürilmegi Ýewropanyň köp sanly döwletiniň wagtlaýynça togtadylan öz futbol çempionatlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik döreder.

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy