SPORT

Ýewro-2020 futbol çempionaty badalga alýar

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty gelip ýetdi. Şu gün Ýewropa boýunça futbol çempionaty badalga alýar. Geçen ýyl geçirilmeli bu abraýly ýaryş koronawirus ýokanjy sebäpli 1 ýyl yza süýşürilipdi. Bu 60 ýyllyk ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek boldy.

Ýewropa çempionaty Rimde badalga alýar. Ilkinji duşuşyk Italiýa bilen Türkiýäniň milli ýygyndysynyň arasynda geçiriler. “A” toparyndaky duşuşyk “Olimpiko” stadionynda oýnalar.

Şu ýyl Ýewropa çempionaty birbada 10 döwletde geçirilýär. Mundan ozal, iň köp 2 döwletde geçirilýärdi.

Bu ýaryşa ikinji gezek 24 döwletiň milli ýygyndylary gatnaşýar. 2016-njy ýyldan ozal, bu ýaryşa 16 döwlet gatnaşýardy.

Ozal, size Ýewropa çempionatynyň duşuşyklarynyň senenamasyny ýetiripdik.

 

 

Ýewro-2020: Duşuşyklaryň senenamasy

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy