JEMGYÝETSPORT

Ýewro 2020: Angliýa we Niderlandlar ýeňiş bilen başlady

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn “Ç” hem-de “D” toparynyň duşuşyklary geçirildi.

Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar “D” toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi.

“Ç” TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY

Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa “Ç” toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa duşuşdy. Örän gyzykly geçen duşuşykda Awstriýanyň ýygyndysy 3:1 hasabynda ýeňdi. Awstriýanyň düzüminde 18-nji minutda Laýner, 78-nji minutda Gregoriç hem-de 89-njy minutda Arnautiwoç tapawutlandy.

Demirgazyk Makedoniýanyň ýeke-täk goluny toparyň tejribeli gutbolçysy goran Pendew geçirdi.

Düýniň esasy duşuşyklarynyň biri Niderlandlar bilen Ukrainanyň ýygyndylarynyň arasynda geçdi. Duşuşykda jemi 5 pökgi geçirildi. Netijede Niderlandlar Ukrainany 3:2 hasabynda ýeňdi. Niderlandlar 2:0 hasabynda öňe geçen hem bolsa, Ukraina hasaby deňlemegi başardy. Ýöne duşuşygyň 85-nji minutynda Niderlandlar ýene-de bir gol geçirip, ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, “Ç” toparynda birinji duşuşyklardan soňra ýagdaý şeýleräk: Niderlandlaryň we Awstriýanyň 3 utugy, Ukraina bilen Demirgazyk Makedoniýanyň 0 utugy bar.

13-NJI IÝUNDAKY DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“Ç” TOPARY

AWSTRIÝA   3 –   1  DEMIRGAZYK MAKEDONIÝA

18. Laýner           28. Pandew

78.Gregoriç

89. Arnautowiç

NIDERLANDLAR    3 –   2    UKRAINA

52. Weýnaldum              75. Ýarmolenko

58. Wegorst                   79. Ýaremçuk

85 Dumfris

“D” TOPARY

ANGLIÝA   1-   0   HORWATIÝA

57. Rahim Sterling

 

 

Ýaponiýada ýerine ýetirilmeli däp-dessurlar barada maglumatlar

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi