BIZNES

Ýerli awtoulag zawodynyň düýbi tutular

Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank ýerli awtoulag öndüriljek  zawodyň düýbüniň 18-nji iýulda tutuljakdygyny habar berdi. Ministr özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan bu barada maglumat berdi. Şol maglumatda Bursa welaýatynyň Gemlik şäherinde Türkiýäniň Awtoulag kärhanasy toparynyň (TOGG) zawodynyň gurluşygyna başlanjakdygyny mälim edildi.

DABARA 18-NJI IÝULDA GEÇIRILER

Ministr ýerli awtoulag önümçiliginiň iri kärhanasynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň 2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkiýäniň sagady bilen 17:30-da amala aşyryljakdygyny mälim etdi.

Türkiýäniň ýerli awtoulagynyň önümçiliginiň inženerçilik, bezeg hem-de önümçilik desgalarynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagyna geçiriljekdigi aýdyldy.

Dabara täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirilen derejedäki myhmanlaryň gatnaşmagyna guralar. Bu dabaradan soňra Gemlik şäherinde bölünip berlen ýerde zawodyň gurluşygyna girişiler.

 

Ýene-de okaň

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler