TESWIRLER

Ýazuw “nanosynyň” esasynda elipbiý ýatýar

Bilnişi ýaly, dilleri dil edýän iki sany uly sütüniň biri sözleýiş, beýlekisi bolsa ýazuwdyr. Ýazuwy elipbiýsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şonuň üçin nanolingwistikany öwrenmegiň hem iň esasy çeşmeleriniň biri elipbiýdir. Ol (elipbiý) dildäki bütin gurluşlary emele getirýän iň kiçi birlikleri özünde jemleýär. Başgaça aýdylanda, dillerde nano meselesi elipbiýden başlanýar. Häzirki zaman türkmen diliniň sesi we harpy emele getirýän iň kiçijik tymsal tagmajyklarynyň sany otuzdyr.

Tymsal tagmajyklarynyň özbaşdaklygy we olaryň biri-birine bolan özara gatnaşyklary esasynda dildäki fonemalaryň, bogunlaryň, goşulmalaryň, kökleriň, sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň we tekstleriň  molekulýar düzümleri ýüze çykýar.

Türkmen diliniň molekulýar gurluşyndaky düzümleriň düýp-teýkaryny aşakdaky otuz sany tagmajyklar emele getirýär. Başgaça aýdylanda, türkmenleriň bütin dünýä degişli ähli garaýyşlaryny, pikirlerini, düşünjelerini bu tagmajyklardan ybarat bolan atomlar, şolardan düzülen molekulalar emele getirýärler. Has dogrusy, bularyň bary birleşip, türkmen diliniň sözlük hazynasynyň, dil biliminiň umumy ýadrosyny döredýärler. Şol bir wagtyň özünde bu ýadro türkmen sözleýşiniň we ýazuwynyň düzüm bölegidir.

Latyn harply täze türkmen elipbiýiniň tablisasy

Bu tablisada ýer berlen her bir dil tagmajyklarynyň özboluşly häsiýetli aýratynlyklary bardyr. Nanolingwistika olaryň iň kiçi we ownuk aýratynlyklaryna çenli öwrenmekligi göz öňünde tutýar. Mysal üçin, tablisadaky ýerleşiş tertibine görä, 20-nji orunda ýer alan harpa “p” harpy ýa-da şol (“p”) harpyň  ady diýmek ýeterlik däldir. Eger, sözlügiň berýän (p, Türkmen elipbiýiniň ýigriminji harpy) [TDDS, 2016:201] diýen düşündirişi bilen çäklensek, onda bu parçajygyň özüne mahsus bolan birnäçe aýratynlyklarynyň üsti açylman galar. Käbir nusgalar:

1.çekimsiz fonemadyr

2.dymyk çekimsizdir

3.dymyklygy (“p” häsiýetini) käbir ýerde soňuna çenli gorap bilýär

  1. dymyklygyny käbir ýerde açyga (“p” häsiyetini üýtgedip, “b” häsiýetine dönme) öwrüp bilýär

5.patlaýyjy çekimsizdir

6.goşadodak çekimsizidir

7.gerek ýerinde goşulma (hal işliginiň goşulmasyna) öwrülme häsiýeti bardyr

8.alynma sözlerdäki sözbaşy “f” fonemasynyň garamatyny türkmen dilinde öz üstüne alyp (fikir=pikir; fany=pany; faýda=peýda… ) bilýär

9.sözüň başynda-da, ortasynda-da soňunda-da gelip bilýär wşm.

Elipbiý diýlip iki harpyň (elip hem-de biý) ady bilen atlandyrylýan merkezde orun alan harplar häzirki zaman türkmen ýazuwynyň düzüm bölekleriniň periodik sistemasyny (elipbiý tertibini) emele getirýärler. Başgaça aýdylanda, jemi otuz sany belgi bilen tutuş türkmen ýazuwyny doly görnüşde beýan etmek mümkindir.

Dil elementleriniň (tymsal tagmajyklaryň) tertibine görä, “nano” sözüniň gurluşy taýynda galybyny şeýle nusgada we shemada görkezmek bolar:

16 (n) + 1 (a) + 16 (n) + 18 (o)

 

Elipbiý tertibindäki sanlary boýunça ýerleşdirilende aşakdaky baglanyşygy almak mümkin:

Şeýlelikde, 16 (n) +1 (a)+16 (n) +18 (o) ýaly molekulalaryň özara birleşmegi netijesinde NANO sözi alynýar. Görnüşi ýaly, nanolingwistik barlaglar sözüň düzümini emele getirýän iň kiçijik parçajyklaryň köptaraply we täzeçe derňelmegini talap edýär.

Meňzeş jynsdan bolan birmeňzeş atomlar: 2 sany birmeňzeş açyk çekimsiz (n); meňzeş jynsdan bolan dürli atomlar: 1 sany çekimli, ýogyn we giň dodaklanmaýan; 1 sany çekimli, ýogyn we giň dodaklanýan.

Netijede, “nano” sözündäki iki sany bognuň molekulalarynyň düzümini şeýle görnüşde hasaba alyp bileris:

1-nji molekulanyň düzümi: 1 sany açyk çekimsiziň bir sany ýogyn, giň, dodaklanmaýan çekimli bilen birleşmeginden ybaratdyr.

2-nji molekulanyň düzümi: 1 sany açyk çekimsiziň bir sany ýogyn, giň, dodaklanýan çekimli bilen birleşmeginden ybaratdyr.

Türkmen dilindäki gysga we uzyn fonemalar her wagt ünsi çekiji mesele bolupdy. Nanolingwistik derňewde-de bu fonetik hadysa bir molekulanyň iki atomyny ýatladýar.

Häzirki zaman türkmen diliniň fonetikasy bilen baglanyşykly soňky ýyllarda ençeme ylmy işler ýazyldy [11; 12; 13; 14;]. Bu ugurda türkmen alymlarynyň bitiren hyzmatlary uludyr.

(dowamy bar)

 

Edebiýatlar:

 

1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.

2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.

3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.

4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.

5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.

6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri