SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – Watanymyzyň geljegidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň we umumadamzat bähbitli teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy Wata-nymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Şeýle ajaýyp döwürde milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmegi babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär, döwrebap kanunlar kabul edilip, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygy şol kanunlaryň üsti bilen üpjün edilýär. Olarda ýurdumyzyň raýatlarynyň asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary baradaky ýörelgeler hem öz aýdyň beýanyny tapýar.

Bilim edaralarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän okadylyşyň kämilleşdirilmegi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda bilimiň hilini düýpgöter özgertdi. Bu özgertmeler, elbetde, mugallymlaryň bilim taýýarlygynyň, hünär babatda ussatlygynyň ýokary derejede bolmagyny hem talap edýär. Mekdebimizde zähmet çekýän mugallymlar bu talaplary özlerine belent borç edinip, watansöýüji, ylma teşne, ahlak taýdan arassa, milli gymmatlyklarymyza wepaly nesli ýetişdirmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Şu ýerde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem bellemek gerek.

Ýaşlar ýurduň önümçilik pudagynyň döwrebaplaşmagyna, ykdysady kuwwatynyň artmagyna işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolup, sanly tehnologiýalara hem oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem döwrebap tehnologiýalara erk edýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, ylmy ýokary depginler bilen ösdürmek maksady bilen, dünýäniň abraýly, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Dünýäniň gazanan öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan şeýle beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatdaky öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bu ulgama bilim bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwrebap pikirlenip bilýän, taslamalar babatda täze, özboluşly, täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler medeni ösüşi gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler.

Mekan Artykow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün