Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporty höweslendirmek we ösdürmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, sportuň täze görnüşlerini giňden wagyz etmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Muňa häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bagly işleriň netijesinden hem göz ýetirmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ýokary derejedäki ussatlyga eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda geçirilýän dürli derejedäki sport bäsleşiklerinde ýaş türgenlerimiziň guwandyryjy netijelere eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. Ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak ugrunda edýän bimöçber aladalarynyň güwäsidir.
Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltjek ussat türgenleri, sportuň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde berilýän üns-aladanyň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde sport ulgamyna degişli milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçiliklere dünýä ýüzünde örän uly baha berilýändigine biz eziz Diýarymyzda üstünlikli geçirilen «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň», «Amul-Hazar — 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň mysalynda görmek bolýar.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa eziz Diýarymyzy sport äleminde barha şöhratlandyrýar.
Türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler. Asylly däbe görä, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, Türkmenistanyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan goşantlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sylaglanylýar.
Oguzhan Orazsähedow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
