MEDENIÝET

Ýaşlar guramasy we TurkmenGazet.com internet saýty bäsleşik geçirýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirýär. Bäsleşigiň guramaçylaryndan biri bolan www.turkmengazet.com saýtynda habar berilmegine görä,  bäsleşik ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli  «Meniň söhbetdeşim» atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar bolsa, biziň geljek ýolumyzyň şamçyragy bolup, ýolumyza ýagty saçýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli «Meniň söhbetdeşim» atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça bäsleşigi geçirmegi ýola goýdy.  Bu bäsleşigiň maksady bolsa, ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykaryp, olaryň döredijilik ýolunda ýurdumyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşýan ynsanlaryň söhbetlerini halkymyza ýetirmekden we olaryň zähmet ýoluny ýazga geçirýän döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özboluşly zehin aýratynlygyny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň zehin başarnyklary bilen ähli halkymyzy tanyş etmekden we ýaş žurnalistleriň hünär başarnyklaryny has-da kämilleşdirip, sanly ulgamy içkin öwrenmek, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan (telekeçiler, öňdebaryjy ylym-bilim işgärler, hyzmat öýleri, medeniýet-sungat, ykdysadyýet, senagat we ş.m ugurlar boýunça) ildeşlerimiziň alyp barýan işlerini söhbetdeşlik görnüşinde halk köpçüligine ýetirmek;

Bäsleşigiň guramaçylygy:

− Gepleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «turkmengazet.com» saýtynyň guramaçylygynda geçiriler we bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige gatnaşmak we bäsleşigiň şertleri üçin şu ýere basyň!

 

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-II

 

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy