TESWIRLER

Ýara ýaraşar üç müçe we ýara ýaraşar sürmeçe

Magtymgulynyň Meňlä bagyşlap ýazan “Aýryldym” goşgusynda sorag döredýän bir setir bar. Birnäçe golýazmalarda gabat gelse-de, bu setirdäki gürrüňi edilýän aňlatmanyň dürsdügine şübhelenmäge doly esas bar. Meniň pikirimçe, agzalýan aňlatma beýik şahyryň döredijiligini gowşak bilýän göçürijiler tarapyndan bulaşdyrylana meňzeýär. Elbetde, bular ýaly säwlikler şahyryň käbir beýleki eserlerinde-de gabat gelýär, emma hut agzalýan setirde goýberilen ýalňyşlyk has-da göze dürtülýär. Goşgynyň birinji bendinde şeýle diýilýär:

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym.

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym.

Bu bentde Magtymguly Meňliden aýrylyp, ahy-zar çekendigini, gözünden ganly ýaş dökendigini aýdýar. Ikinji bentde şahyr Meňli ýaly gyzdan aýrylanyň, aglap-eňremeginiň, gözden ganly ýaş dökmeginiň asla geň däldigini ýaňzydýar.

Bu çaklaňja makalada biz agzalýan eserdäki “üç müçe” ýa-da “sürmeçe” sözleriniň nädip peýda bolandygyny derňemekçi. Çünki bu säwlik gürrüňini edeniňe degýän bir mesele. Men “üç müçe” ýa-da “sürmeçe” sözleri originalda hiç wagt bolan däldir, olary şahyryň diline gowy düşünmedik göçürijiler has soň goşga salandyrlar diýen pikirde. Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu ýalňyşlygyň “yşbu” ýa-da “uşbu” sözi bilen bagly dörän bolmagy örän ähtimaldyr.

Klassyk edebiýatda “uş” sözi “ynha” diýen manyny aňladýar. “Uş bu” sözi Magtymgulynyň eserlerinde-de hut şol, ýagny “ynha, bu” manysynda ulanylýar. Ýöne /ş/sesi käte öz öňündäki çekimlini inçeldýär. Türk dilinde ýaşyl sözi yeşil, “uş bu” sözi-de işbu bolýar. Klassyk edebiýatdaky “uş bu” sözü-de türkmen dilinde “üşbu” bolýar. Magtymgulyda bu aýdylany tassyklaýan şeýle setirler bar:

Nazar eýlär sizler üşbu dünýäýe,

Gelen geçer, durmaz, köne saraýdyr.

***

Açyldy zemin lälesi,

Üşbu dünýä reyhan bu gün.

Ýeri gelende aýtsak,bu sözünden dörän “munça” sözüniň başyna üş goşulmasy goşulanda, ol “ynha, şeýle” diýen mana eýe bolýar we “üş munça” görnüşinde ýazylýar.

Ikinji bentde, belki-de, şahyr: “Meňli ýaly gyzdan aýrylan aglap-eňrese, gözden ganly ýaş dökse – bu geň däl, gyz oňa mynasyp” diýmek üçin, “Ýara yaraşar üş munça“ diýendir? Çünki şeýle bolanda, ol agzalýan bendiň ikinji we üçünji setirlerindäki ança we gunça sözleri bilen doly kapyýalaşýar.

Gynansak-da, Magtymgulynyň öz eli bilen ýazan golýazmalary bize gelip ýetmändir. Onsoň soňky göçürijileriň biriniň “üş munça” sözüni görüp, “beýle söz ýok, meger, bu üç müçedir” diýip, derňelýän aňlatmany özüçe düzeden bolmagy ähtimaldyr. Soňra-da, belki, indiki bir göçüriji “üç” sözüniň ýerine arapça üç (٣) sanyny ýazyp, säwligi hakyky ýalňyşlyga öwrendir. “Üç” sanynyň bolsa, gelşiksiz ýazylanda, bir dişi kem bolup سر (sür) diýlip okalmasy diýseň aňsat. Soňraky göçürijileriň-de ýalňyşlygy has çuňlaşdyryp, ondan sürmeçe sözüni ýasamagy bolup biläýjek zat. Netijede golýazmalarda ol setirler “Ýara ýaraşar üç müçe” ýa-daÝara ýaraşar sürmeçe” görnüşde ornaşypdyr. Ýöne aslynda welin, ol setir, belki, şeýle bolmalydyr:

Ýara ýaraşar üş munça,

Sypatyn söýlerem ança,

Lebi şeker agzy gunça,

Ol zülpi tardan aýryldym.

 Elbetde, bu edebi çaklama  dogry-da bolup biler, nädogry-da. Emma gürrüňi edilýän setirdäki “üç müçe” we “sürmeçe” aňlatmalarynyň ýalňyşlykdygyny welin, inkär etmek asla mümkin däldir.

Ýusup AZMUN,

dilçi we edebiýatçy alym.

 

Ýene-de okaň

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”