DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy.

Hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistan bilen JBIC-iň arasynda toplanan oňyn tejribe kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilýän hem-de nebitgaz, elektroenergetika we himiýa pudaklarynda iri desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, ýapon tarapy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmasyny beýan etdi we iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy