DÜNÝÄ

“Ýaponiýa-Merkezi Aziýa” sammitini ýola goýmak meýilleşdirilýär

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary syýasat edarasyna “Ýaponiýa-Merkezi Aziýa” ýokary derejedäki sammitini gurmagy hem-de bu ugurdaky formaty döretmegi tabşyrdy. Ýaponiýa hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 5+1 formatynda sammiti guramagy göz öňünde tutýar. Bu barada “Kýodo” habarlar gullugy habar berýär.

Ýapon hökümetiniň baştutany Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan deputatlar bilen geçiren duşuşygynda bu ugurdaky başlangyjyny öňe sürdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen resminamada 2024-nji ýyldan başlap, Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejede duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda guramak göz öňünde tutuldy.

Soňky ýyllarda dünýäniň iri ykdysady merkezleri Merkezi Aziýa döwletlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Merkezi Aziýa geoykdysady hem-de geosyýasy taýdan möhüm ýerde ýerleşýär. Şonuň üçin Russiýanyň, hytaýyň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleri bilen ýokary derejedäki duşuşyklar ýola goýuldy.

Golaýda, geçen maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” ýokary derejedäki sammiti geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary