BIZNES

Ýapon işewürleri bilen duşuşyk

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş sapary dowam edýär. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň işewür düzümleri bilen ertirlik görnüşinde iş duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk hyzmatdaşlygyň depginini berkitmäge, täze ugurlary açmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan energetika, mineral serişdeleri çykarmak, himiýa senegaty we ulag ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda amala aşyran sapary we şol saparyň barşynda öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýeti bellendi.

Duşuşykda geljegi uly taslamalar üçin anyk teklipler, ýapon kompaniýalarynyň eksport ugurly önümçilige çekmek, taslamalary maliýeleşdirmegi diwersifikasiýalaşdyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy boýunça tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilikleri döretmek, bilelikdäki taslamalar üçin iki ýurduň kiçi we orta tekeleçilik kärhanalaryny çekmek babatda pikir alşyldy.

Ýapon kompaniýalary infrastruktura we energetika ugurly pudaklarda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdi. Işewürlik ertirligi görnüşinde duşuşyk tamamlanandan soňra türkmen wekiliýeti öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder