DÜNÝÄ

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 20-si ynanç hatlaryny gowşurdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin degişli işler amala aşyryldy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran gulluk iş saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 196 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe daşary döwletleriň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 20-si ynanç hatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 8 ilçisi, 2 konsuly we 1 halkara guramanyň ýanyndaky wekili resmi taýdan öz işine başlady.

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri