MEDENIÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna we baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Bu telebäsleşik soňky ýyllarda köp sanly täze ýyldyzlaryň ýüze çykmagynda möhüm orna eýe boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň hem-de beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler üpjün edilip, döwrebap medeniýet merkezleri gurulýar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň aglabasy başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar, döredijilik bilen meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply, zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba medeniýet öýlerinde döredijilik ukyplaryny ýüze çykardylar.

Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan iň zehinli aýdymçylar üçin bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda olaryň her birinden ýaş aýdymçylaryň 10-sy çykyş etmäge hukuk gazandy. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 12-si bäsleşdi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Çykyşlara ýokary derejeli eminler tarapyndan, halkara ölçeglere laýyklykda, bäş ugur boýunça baha berildi. Soňky ýyllarda ses bermek hem-de sesleri sanamak işiniň sanly tehnologiýa arkaly amala aşyrylýandygyny bellemek möhümdir. Bu bolsa çözgütleriň kabul edilmeginiň has anyk bolmagyna ýardam edýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy göz öňünde tutuldy.

Emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk, zehinliden zehinli ýaş aýdymçyny saýlamak wezipesi goýuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň beýanydyr.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz döredijiliklerinde täze eýýamyň ruhuny, ägirt uly özgertmeleri wasp edýän, şeýle hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ony täze eserler bilen baýlaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlarynyň zehininiň buýsandyrýandygyny belledi. Şeýle hem Gutlagda ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen telebäsleşigiň il içinden aýdym-saz sungatyna höwesli ýaş aýdymçylary ýüze çykarmaga uly ýardam berýändigi bellenilip, onda ýerine ýetirilýän aýdymlaryň ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň belent waspyna öwrüljekdigine ynam bildirilýär.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna uly ähmiýet beripdir. Tejribeli halypanyň kämil mekdebini geçen şägirtler sungat äleminde öz orunlaryny tapypdyrlar. Halypa-şägirtlik ýörelgesini üstünlikli dowam etmek häzirki döwürde hem möhümdir. Biz höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ussat halypalaryň döredijilik mekdebini çuňňur öwrenip, milli aýdym-saz sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, ilhalar aýdymlary döretmek ugrunda zehin-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ruhubelent çagyryşyna mynasyp jogap hökmünde bäsleşige gatnaşyjylar Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde aýratyn dabara bilen gurşalan açyk sahna meýdançasynda çykyş etdiler.

Şu günki dabara saz sungatymyzyň, halkymyzyň tükeniksiz ruhy çeşmesiniň artdyrylmagy, ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly aladasynyň subutnamasydyr.

«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň guramaçylary döwlet Baştutanymyzyň ünsi we goldaw bermegi netijesinde, bu çäräniň ýaş zehinleriň barha köp sanlysyny öz hataryna çekýändigini hem-de olaryň hünär ussatlyklarynyň derejesini görkezýändigini aýratyn nygtadylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, soňky ýyllarda gazanylan ösüşleri, tebigatymyzyň gözelligini we söýgini wasp edýän halk hem-de döwrebap aýdymlary tüýs ýürekden ýerine ýetirdiler. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny hödürlediler. Käbir aýdymlaryň ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ilkinji gezek ýaňlanandygy bellärliklidir.

Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri hem girizildi. Şolarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de giň gerimli işler, halkymyzyň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy häzirki zaman ýaş aýdymçylarynyň döredijiliginde, aýdymlarynda we sazlarynda öz beýanyny tapýar.

Sahnada bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem çykyş etdiler. Olaryň köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigi many-mazmuna, baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Baýramçylyk meýilnamasynda milli sungatymyzyň halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleri öz beýanyny tapdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzyň sahnasynda eden çykyşlaryna aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Her bir aýdym-saz çykyşy özüniň kompozisiýasy, usuly, aýdymçylaryň özboluşly ýerine ýetirişleri bilen tapawutlandy hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli sungatymyzy şöhratlandyrmagyň bähbidine ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk hökmünde «Halypa-şägirtlik — Arkadagyň ak ýoly» atly aýdymyň aýdymçylaryň hem-de döredijilik baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanmagy gala konsertiň jemleýji bölegine öwrüldi.Baýramçylyk aýdymyndan soňra bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň jemleri jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi. Elbetde, munuň özi döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy pursadydyr.

Şeýlelikde, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda 6 sany ýeňijiniň ady yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sylaglananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döredijilikli zähmet çekmäge, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler, şeýle-de mynasyp bolan sylaglaryny diňe ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl-de, eýsem, sungatyň dörediji, birleşdiriji güýjüniň subutnamasy hökmünde kabul edýändiklerini aýtdylar. Şol güýç özboluşly milli aýratynlyklar bilen bir hatarda, umumadamzat häsiýetine eýedir.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy ähli tagallalaryny, zehinlerini, ylhamlaryny milli sungatymyza, ony dünýäde giňden ýaýbaňlandyrmaga we mundan beýläk-de özleriniň ylham beriji döredijilikli zähmetleri bilen Watanymyzyň ösüş ýolunyň ähli ugurlaryndaky ägirt uly gazananlaryny şöhratlandyrmaga gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy