SIZDEN GELENLER

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm başlangyçlary

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. 23-24-nji aprelde geçirilen forumyň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolan pudaklara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Şoňa görä-de, ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri bir ýere jemledi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen çärä ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we bu ugurda alnyp barylýan işleri dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde möhü waka öwrüldi.

Iki günlük forumyň barşynda «Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa», «Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak», «Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa», «Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat, oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak», «BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan strategiýalar: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de arassa energetika ulgamynda innowasiýalary höweslendirmek» ýaly ugurlar boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi. Şol sanda Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmegiň geljegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu çäre maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge, innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen  Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň netijeleri energiýa serişdelerini öndürmegi we eksport etmegi artdyrmak, «ýaşyl» önümçilige geçmek, tebigy gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa pudagyna maýa goýumlary çekmek babatda dünýäniň iri maýadarlarynyň gyzyklanmalaryny has artdyrdy. Bu halkara forumda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny» meselesi umumy mejlisiň esasy mowzugy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan energetika syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmeleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär. “Galkynyş” gaz käniniň 285 belgili ulanyş guýusynda degişli çuňluklardan tebigy gazyň akymynyň alnyp başlanmagy-da pudagyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir.

Beýik işleri üçin dünýä halklarynyň egsilmez alkyşlaryna mynasyp bolýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç menzillere ýetsin!

Näzikjemal Agaýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NHGYD “A” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany