HEKAÝALAR

Ýalanyň gymmaty

                                                            Nowella

 Bu Eniri-Eneriko meniň ýoldaşym. Biz indi bir hepdeden bäri hususy keselhanalaryň birinde bile ýatyrys. Otag dar, ýöne arzan. Eneriko  geplemezek. Ol hemme meksikanlara mahsus bolan owadan gözlerini ýokaryk dikip ýatýar. Diňe ol argyn ýüzli şepagat uýasy sanjym etmäge gelende öwrenikli goluny oňa tarap öwürip gamly gözlerini maňa tarap aýlaýar. Men şonda oň gözleriniň içindäkiň özünede hiç haçan ynjalyk bermeýän bir zady görýärin.

Enerikoň gözleri çaganyňky ýaly aýdyň.  O gözler şu wagtam meň gözümiň öňünde. Şoň üçin men ony gören badyma halapdym. Sebäp şol garamyk ýaly gözlere ynanmak boljakdy.

Eneriko käte ýagşylaşan mahaly – ol köp üsgürýär – hiç zat soramasaňam gürleýär. Aýdyşyna görä ol durmuşyň içinde terslin-öňlin kän gezipdir. Kitaby köp okapdyr. Hasam ol Serwantesiň “Don Kihotyny” gowy görýär.

  • Don Kihot il-güne ýagşylyk edýär, adamlar bolsa oň üstünden gülýärler…

Menem kitaby gowy görýärdim. Şoň üçin düşünýän adama, dokuz ýylky ummanyň aňyrsynda geçiren sergezdançylygYmy, bimany ömrümdäki ýyllaryň beýnime guýan zatlaryny gürrüň beresim gelýärdi. Ýöne Enerikonyň gürrüňleri meniň berjek gürrüňlerimden has täsin, has gyzyklydy.

Ol şu gün uzak üsgülewikden soň, hamala meni ilkinji ýola görýän ýaly gözüme göni seredip şeý diýdi.

  • Men enemi aldamaly…

Men nämä garaşsamam beýle söze garaşmaýardym.

  • Heý, enänem aldap bomy…

Son sözümi düzetdim.

  • Ýa bälçireýäňizmi…

Eneriko agras jogap berdi.

  • Eneler bilen oýun edilmeýär…

Men tas onda nähili aldawçylyk diýip sorapdym. Agşam men ýatmadym. Eneriko eýläk-beýläk agdarylyp bir zatlar diýip samraýardy. Men o samramalaryň içinden diňe oň birsyhly gaýtalaýan “maderi” diýýän sözüni seljerýärdim. Ol meksikalylaryň dilinde “ene” diýmekdi.

Ertesi men o bilen hoşlaşamda, şeýle sözleri aýtdy.

  • Gündogarly, sen şu ýumşy bitir. Bu meniň indi uly dünýäde iň soňky haýyşym bor… Meň ýaşamak ömrüm az gally… Ony lukmanlar aýtmasa-da özüm duýýan. Bir aý… Belki, iki aý ýaşaryn…

Ol şeý diýip, ýassygynyň aşagyndan bir topar hatly bukjany çykardy.

  • Sen her aýyň başyna bukjalaryň birini görkezilen salga ugrat…

Men Enerikonyň elini pugta gysyp oň bilen hoşlaşdym. Soňam aýdylyşy ýaly her aýyň başyna görkezilen salga bukjalaryň birini ugradyp başladym. Olar dogry otuz sanydy. Bukjanyň daşynda-da, Enerikonyň öz eli bilen ýazan salgysy bardy.

Men Enerikodan aýrylyşamsoň ömrüňe goşasyň gelmeýän günleri ýaşamaly ýaly bolup ýaşap başladym. Hiç bir zat, hiç bir waka hakydaňda galanokdy. Dünýe doly adam, ýöne meniň gözleýän adamym ýokdy. Ýalňyz ýüregime teselli berýän zat Enerikonyň hatlarydy. Men olary sypdyrman her aýyň başyna birini ugradýardym. Şeýdip bişeýkel günler geçip başlady. Adamyny uly dünýede özüne baglaýan bir sapak bolmasa oňa ýaşamak kyn düşjek eken. Ýogsa garnyňam dokdy, eşigiňem bitindi. Ýöne nämedir bir zat ýetenokdy. Ýaman ýeri şol ýetmeýän zady özüňem bileňokdyň. Obam, oglan aýak yzlarym, Ýerbendiň gamgyn ýelleri, Baltak ýadyma düşende hasam ýüregim mynçgalanýardy. Ýene-de, öz-özüme göwünlik berip, teselli berer diýen pikir elime ruçkany alýardym. Ýöne o-da  diýenim ýaly ýazanokdy. Galam tutýan eliň göwnüň ýaly ýazmajak bolsa, eliňi diňe çörek iýmek üçin saklamalymyka?

Şeýle günleriň birinde, meniň Enerikonyň haýyşy boýunça ugradýan hatymyň iň soňkusy – otuzynjy bukja yzyna gelli. Bukjanyň ýüzünde şeýle ýazgy bardy. “Siziň hat ýollaýan adamyňyz ýok”.

Men öňkümdenem beter alada galdym. Indi näme etmeli? Agyr oýlardan soň, Meksika uçmaly, bukjanyň ýüzündäki salgyly öýe baryp gaýtmaly diýen netijä gellim.

Meksikany men öňem bir ýola görüpdim. Ol gowy ýurt. Adamlary güler ýüzli, şonuň ýalam jepakeş. Şol ýerde meň köne tanyşym garry esger Danila ýaşaýar. Men onuň bilen iň soňky ýola hoşlaşamda ol şeýle diýipdi. Ol söz häzirem ýadymda.

  • Gündogarly, sen täsin ykbaly saýlap alypsyň. Dünýäni gez-gezde, soňam ýatyber…

Şäheriň öňki şowhunlylygy, birjigem üýtgemändir. Han-ha gyzjagazy bilen

owadan zenan geçip barýar. Bir gyrada burnundan tüssäni çykaryp oturan garrylar oňa – gyzjagaza öz hoşamaý sözüni gysganmaýarlar.

  • Madonna seni öz penasynda saklasyn. Balam, senem ejeň ýaly owadan

hem bagtly bolarsyň…

Olar şeý diýip kellelerindäki äpet şilýapalaryny çykaryp gyzjagazyň ejesine baş egýärler.

Bir gyrada ak gül satyp oturan ene gülüni ýaşlara hödürleýär.

  • Geliň ak güllerden alyň, ýoluňyz hemişe ak ..

Enäniň sözüne goltuklaşyp barýan ýaş juwanlar bälçiräp jogap berýär.

  • Ene, biziň özümiz gül, onsoň güle gül nämä gerek…

Ene olary jogapsyz goýmaýar.

  • Gül hiç haçan artykmaçlyk etmez, bizem bir wagt ýaş bolup görüpdik…

Ýaş senerito köçeden barýan oglana owazly sesi bilen ýüzlenýär.

– Margo, saňa bir peso artykmaçlyk etmese gerek. Sen şu sebedi don Mariýa eltip gaýtsana…

Ol şeý diýip, oglanjygyň eline uly gapjygyndan çykaryp bir пэсоны tutdurýar. Margo özüniň iglije goluny içi almadan doly sebede uzadyp, meksikan çagalaryň eý görýän aýdymyna hiňlenýär.

Eý meniň Meksikam,

Gözel Meksikam

Margonyň inçejik çaga sesine haýsydyr bir gyzjagazyň köçeden eşidilýän sesi garyşyp gidýär.

– Eje, gök sandygyň açary nirede, men lentamy aljak…

Bi sözlere goşulyşyp golaýdan:

– Amiga, o:la mikito…

– Muça trawa…

Köçede gaýmalaýan sesler biri-biriniň yzyndan ýitip gidýär.

Bukjanyň ýüzünde Ihidora Makella diýlen ýazgy bardy. Ol hat Enirikonyň öz eli bilen ýazan hatydy.

Men barmaly salgyma baramda, ho-ol beýlede bir topar towugy iýmläp duran gartaşan ene maňa tarap gaýtdy. Ol meniň elimdäki hatly bukjany görüp gürläp başlady.

  • Siz ýene Dora enä hat getirdiňizmi? Ol indi dünýede ýok. Ýöne ol

ömründen razy, özem gör nähili razy bolup gitdi. Onuň ogly Eniriko bir ýerlere –   Amerikanyň bir künjüne işlemäge gidipdi.  Ýöne ýol şeýle daşam bolsa ol ejesine her aýda bir hat ýazýardy. Onuň ejesini nähili gowy görýändigini sen bir bilsediň. Ogul diýlip şoňa diýäýseň… Dora pahyr bolsa yzynda şeýle ogluň, şeýle nesliniň dowam etjegine begenýärdi. Bir gün bolsa, ol maňa şeýle sözleri aýtdy. Bu onuň dünýe bilen hoşlaşmaka aýdan iň soňky sözüdi.

“Goňşy, yzyňda ogluň uzak ýaşajakdygyny bilseň dünýeden gitmegem beýle

bir gorkunç däl ýaly… Şeýle bagty köpler arzuw edýän bolsa gerek…”.

Birsyhly guwdurylan şemal, aýlanyp-aýlanyp, iň soňunda iri damjalaryny gysganyp sepeläp geçip gitdi. Meň arkam üşäp başlady.

Ol şol sözleri aýdyp menden daşlaşdy. Men hatly bukjanyň ýüzüne ýene bir ýola seredip oň gatyny açdym. Bu meniň ilkinji ýola kişiniň hatyny açyşymdy. Hat şeýle başlanýardy.

“…Eje, sen bir wagt  menden “Bagtyň haýsysy gowy bolýar?” diýip sorapdyň. Şonda men oglanlyk edip “Elbetde ulusy” diýip jogap beripdim.

Şonda sen şeý diýipdiň.

  • Ýok, kiçijik bagt gowy bolýar…

Men sebäbini soramda, sen şu sözleri aýdypdyň.

  • Bagt kiçijik bolsa, ol arassa hem tämiz bolýar…

Şu sözüň dogry eken eje, indi seň dünýede ýaşap ýörmegiň meň üçin arassa

hem tämiz bagt.

Men ýene saňa hat ýazaryn. Ogluň Eneriko…”

Men haty jübüme saldym. Gidip barýaryn. Kellä gelip-geçýän pikirler erkime goýanok. Ýalanyňam mukaddesligi bar eken. Ene ogly ýaşap ýörendir diýip pikir edýär. Ogly bolsa, bi owadan dünýe bilen gör, haçan eýýam hoşlaşypdy…

  Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)