TEHNOLOGIÝA

Xiaomi haýran galdyrmaga dowam edýär

Xiaomi şereketi ähli ýeri ekran bilen doldurylan täze telefonyň patentini aldy. Hytaýly Xiaomi Mobiliň Pekin bölümi täze telefona patent almak üçin USPTO (ABŞ Patent we Söwda markasy ofisi) ýüz tutupdy. Ofis bu ýüz tutmany kabul etdi we telefon baradaky maglumatlary WIPO-nyň (Bütindünýä Pikir bahalandyrma ofisi) saýtynda ýerleşdirdi.

Geljekki ýyllar biziň üçin örän tolgundyryjy görünýär. Xiaomi şereketi ýakyn wagtda dünýädäki telefon bäsdeşligine täze telefon Xiaomi Mi Alpha R bilen goşular.

Xiaomi Mi Alpha R akylly telefonynyň iki sany ekrany bar. Eplenip bilinýän ekran bilen üpjün edilen telefon, iki ekrany hem ýan-ýana goýanymyzda uly ekrany emele getirýär. Şeýlelikde, ekran 200% ulalýar. Munuň netijesinde, biz telefony planşet hökmünde hem ulanyp bileris.

Xiaomi Mi Alpha R telefonynda ulanýan programmaňyza laýyklykda, telefonyň zarýad “ömrüni” uzatmak üçin ikinji ekrany öçürip bilýärsiňiz. Emma käbir ýagdaýlarda iki ekrany hem bilelikde ulanyp bilýärsiňiz. Täze telefonyň kamera sistemasynyň nämä meňzejekdigi barada şereket tarapyndan hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne, telefonyň ekran aşagy kamera sistemasyny ulanjakdygyny takmyn edýäris.

Xiaomi Mi Alpha R smartfonynyň iki görnüşiniň çykjakdygyna we indiki ýylyň başlarynda satuwa hödürlenilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, OPPO we Samsung telefon şereketleri-de geljekki ýyllarda şuňa meňzeş telefonlary öndürmegi meýilleşdirýärler.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri

 

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy