JEMGYÝET

Wladimir Putin: Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplanýar

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Magtymguly Pyragynyň beýik gumanist, türkmen poeziýasynyň we edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplanýandygyny we Magtymgulynyň eserleri, baý döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girizilendigini belledi.

Magtymguly Pyragynyň ilkinjileriň hatarynda türkmen diliniň ajaýyplylygyny we dürlüligi açandygyny bellän Wladimir Putin onuň özboluşly şahyrana žanrynyň bolandygyny, Magtymgulynyň eserleriniň ýygyndysynyň diňe bir okalman, eýsem mukaddes gymmatlyk hökmünde öýde saklanýandygyny aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary rus diline terjime edildi. Astrahanyň Funtowa obasynda türkmen diasporasy ýaşaýar. Şol ýerde 2019-njy ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Magtymgulynyň adyny göterýän mekdep guruldy. Astrahanyň özünde Magtymgulynyň ýadygärligi oturdyldy. Sentýabr aýynda Moskwa şäherinde dabaraly ýagdaýda görnükli şahyryň heýkeli dikeldildi, diýip Wladimir Putin öz çykyşynda belläp geçdi.

Rus Lideri Magtymgulynyň döredijiligi bilen diňe bir adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda däl, eýsem tutuş döwletleriň arasynda, halklaryň arasynda agzybirligi ündändigini, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürendigini belledi.

Russiýanyň Prezidenti öz çykyşynda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda Kazanda BRIKS hem-de “BRIKS+” ýokary derejeli sammitini gurnaýandygyny belläp, häzirki forumy gurnaýjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de bu foruma gatnaşan beýleki liderleri şol sammitlere gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy