Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Kreml köşgünde amala aşyryldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynda Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edipdi.
Kreml köşgündäki duşuşykda Wladimir Putin Halk Maslahatynyň Başlygy bilen köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygyny belledi.
Wladimir Putin Halk Maslahatynyň Başlygy bilen ozal bilelikde gazanylan oňyn netijelere buýsanýandyklaryny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-rus gatnaşyklaryna uly itergi berendigini, ýurduň häzirki Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gelmegi bilen hem bu gatnaşyklaryň depgininiň birjikde gowşamandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belläp, ýylyň-ýylyna gatnaşyklary has-da berkeýändigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllar parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeňleşdirilendigini belläp, bu saparyň çäklerinde taryhy ylalaşyga – hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek barada yylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy özüne berlen bu ýokary sylag üçin hoşallyk bildirip, munuň Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, goňşuylyk hem-de özara gatnaşyklaryň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şol bir wagtda Wladimir Putini golaýda bellän ýubileý doglan güni bilen hem gutlady.
