DÜNÝÄ

Wladimir Putin Gazagystana bardy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisi gatnaşmak üçin Gazagystana bardy.

Rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, Wladimir Putin bu sammitiň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Wladimir Putiniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdogan, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyklary göz öňünde tutuldy.

Uşakowyň aýtmagyna görä, Wladimir Putin bu sammite Eýran Yslam Respublikasynyň adyndan gatnaşýan Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Mohber bilen hem duşuşygy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem bu sammite BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, GDa-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we beýleki halkara hem-de sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna ilki bilen, Gazagystan, Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan agza boldy. Soňra olaryň hataryna Eýran, Hindistan we Pakistan goşuldy.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi