JEMGYÝET

Wiktor Orban: wenger-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellendi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Siziň bilen Aşgabatda geçen netijeli duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu duşuşygyň dowamynda maňa türkmen halkynyň myhmansöýerligini we dostlugyny duýmak miýesser etdi. Men duşuşykda halklarymyzyň taryhy ýakynlygy bilen baglylykda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygymyzy beýan etdim. Wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýe bolmagy mende uly şatlyk we kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Jenap Prezident, Wengriýa bilen hyzmatdaşlyga açykdygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin Siziň bilen mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn!

Ýene-de okaň

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi