SIZDEN GELENLER

Wi-Fi routerlarynda paroly üýtgetmek

Islendik Rt-N10, RT-G32, Asus RT-N12 görnüşdäki routerlarynda paroly üýtgetmek üçin routera birikdirilen telefondan ýa-da kompýuterdan  islendik brauzera girip (google, chrome we ş.m) 192.168.1.1 salgyny ýazyň. Çykan pejirede “Username” we “Password” diýip duran ýerlerine admin sözüni ýazyň. Eger-de siz adaty paroly üýtgeden bolsaňyz onda şol paroly giriziň

1.Penjiräniň çep böleginde  «Дополнительные настройки» bölümini saýlap   «Беспроводная сеть» düwmesini basyň.

  1. «Предварительный ключ WPA» setirinde täze goýjak parolyňyzy giriziň.
  2. Sazlamany ýatda sakladyň

Ondan soň Wi-Fi routeriň paroly üýtgär. Öň Wi-Fi routeryna birikdirilen enjamy täzeden routera birikdirmek üçin “забыть сеть” (“ýatdan çykarmaly”) sazlamalary etmegiň zerurdygyny bellemek gerek.

1.TP-Link routeryň sazlamalaryna girmek üçin adaty parol admin we admin. Eger-de parol laýyk gelmeýän bolsa üýtgeden parolyňyzy giriziň. Ýatdan çykarmaň bu parol wifi routeryna birikmek üçin parol däldir.

2.Penjiräniň çep gapdalyndan «Базовая настройка» ýa-da «Wireless» bölümini saýlaň.

3. «Настройки беспроводного режима» ýa-da «Wireless Security» düwmesine basyň

4.Parol setirinde täze paroly giriziň

  1. Sazlamalary ýatda sakladyň

Wi-Fi routeriň parolyny üýtgedeniňizden soň käbir enjamlarda öňki routeriň paroly baradaky maglumatlary aýyrmak gerek.

Bu günki makala şeýlelik bilen gutarýar.Meniň makalam size ýaradymy? Eger-de sorag ýüze çyksa teswirlerde ýazyp bilersiňiz we degiisli ýerlere ýüz tutup bilersiñiz!

D.Ilgeldiýew, S.Wepagulyýew, TGM-niñ Harby instituty

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri