Wengriýa şu ýylyň ahyryna çenli Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasy bilen tebigy gaz babatda şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklary ministri Peter Siýýarto Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýa ministri Fatih Kajyr bilen geçiren gepleşiklerindne soňra mälim etdi.
– Türkiýe geljekde Wengriýany energiýa serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orun eýelýär. Häzirki wagtda Türkiýäniň iri energetika kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak üçin gepleşikler geçirilýär – diýip, wenger ministri jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.
Onuň bellemegine görä, Wengriýa Türkiýeden 2024-nji ýylyň bahar we tomus pasyllarynda 275 million kubmetr tebigy gaz satyn almagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem Siýýarto Türkiýäniň Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň tebigy gazyny Ýewropa bazaryna ibermekden üstaşyr ýurt hökmünde hem öz ornuny berkidýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Wengiýa bilen Türkiýäniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarylýar.
