2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Budapeşt şäherinde geçirilen Özbekistan bilen Wengriýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde, Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministriniň birinji orunbasary Şohruh Daliýew bilen Wengriýa Respublikasynyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto “Stipendium Hungaricum” talyp haklary maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama goşmaça teswirnama gol çekdiler.
Bu resminama laýyklykda, Wengriýa tarapyndan Özbegistanyň raýatlary üçin her ýyl berilýän bilim grantlarynyň sany 200-e çenli artdyryldy. Bu diňe bir ýurtlaryň arasyndaky edaralarara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaýar, eýsem Özbegistanyň ýaşlaryna daşary ýurtlarda, esasan hem Wengriýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Bellenilip geçilmegine görä, Wengriýanyň hökümeti 2018-nji ýyldan bäri Özbegistanyň raýatlaryna öz ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin talyp haklaryny berip gelýär. Häzirki wagta çenli bu maksatnamadan peýdalanyp, 400-den gowrak ýaş özbegistanly Wengriýanyň dürli uniwersitetlerinde bilim aldy.
Özbegistanyň ýaşlarynyň bu talyp haklary maksatnamasyna bolan gyzyklanmasynyň artmagy hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi bilen baglylykda, Wengriýa bölüp berilýän kwotalaryň sanyny kem-kemden ýokarlandyrýar.
Wengriýa tarapyndan hödürlenýän bilim ugurlary Özbegistanyň ykdysadyýetiniň zerurlyklaryna görä kesgitlenýär. Okuwlar iňlis ýa-da wenger dilinde alnyp barylýar.
Şeýle hem bu şertnamanyň Özbegistan tarapyndan hiç hili maliýe borçnamasyny öz içine almaýandygy aýratyn bellenilýär. Okuw, ýaşamak, lukmançylyk hyzmatlary we aýlyk talyp haklary bilen bagly ähli çykdajylary Wengriýanyň hökümeti öz üstüne alýar. Talyp diňe awiabilet çykdajylaryny özi töleýär.