SPORT

Wagner Law gazak toparynda

Gazagystanyň “Kaýrat” topary braziliýaly hüjümçi Wagner Law bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Mälim bolşuna görä, Wagneriň şertnamasy uzaltmak mümkinçiligi bilen 6 aýa niýetlenendir.

– Wagner Silwa de Souza Russiýada, Fransiýada we Türkiýede futbol oýnan we futbol janköýerleriniň ýakyndan tanaýan futbolçylarynyň biridir. Ol Russiýanyň SSKA topary bilen UEFA-nyň kubogyny gazandy. Şeýle hem 13 dereje alyp, olaryň 3-si Russiýanyň çempionlygydyr – diýlip, metbugat beýanatda bellenilip geçilýär.

Wagner Law Braziliýanyň “Korintians” topary bilen şertnamasyny ýatyryp, täzeden SSKA toparyna gelmegi meýilleşdiripdi. Ýöne ol pikirini üýtgedip, Gazagystanyň “Kaýrat” toparyna geçdi.

Wagner Law “Palmeýras”, “Flamengo”, “Şandun Lunen”, “Korintians”, “Monako”, “Alanýaspor”, “Beşiktaş” we SSKA toparlarynyň düzüminde çykyş  etdi.

Ýene-de okaň

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy