DÜNÝÄ

VIII türkmen-german forumy öz işine başlady

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Aşgabatda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy öz işine başlady. Ol geçirilip gelýän ýyllarynda iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde guralýar.

Şu duşuşyga GFR-iň belli hassahanalarynyň tanymal alym-professorlary, türkmen tarapyndan bolsa döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň myhmanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan GFR-den bolan hyzmatdaşlara bildirilýän uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Forumyň birinji güni paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak baradaky ylmy-kliniki merkeziň iň gowy işleriniň mysalynda täze doglan, agramy ýetmeýän çagalara nähili seretmeli diýen meselä garaldy. Bu merkeziň hünärmenleri nemes kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, şol sanda wagtyndan öň dünýä inen bäbeklere seretmegiň täze usullaryny özleşdirýärler.

Çaga rewmatologiýasynyň möhüm meseleleri Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasyndan bolan lukmanlar tarapyndan gozgaldy. Dürli müşgillikler boýunça ýurdumyzyň lukmançylyk merkezleriniň esasy hünärmenleriniň çykyşlary hem diňlenildi, lukmanlar şol meselelere çylşyrymly ýagdaýlarda sezewar bolýarlar.

Çykyşlaryň dowamynda şekilli tanyşdyrmalaryň, wideoşekilleriň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda girizilen hem-de ýüz tutan adamlaryň ömrüni halas etmäge we olaryň saglygyny dikeltmäge kömek edýän birnäçe täzeliklere aýdyň baha bermäge mümkinçilik berdi.

Forumyň ertirki güni Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda barha giňden peýdalanylýan sanly lukmançylyga we öňdebaryjy tehnologiýalara bagyşlanylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2019 – 2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Şol strategiýa optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de lukmançylyk edaralaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmegi, şolary kompýuterleşdirmegi we informatizasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Ozalky Premýer-ministr Manmohan Singh aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasy türkmen dilinde hem hyzmat berip başlady

Ata Watan Eserleri

Eýran Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň synçy agzasy boldy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri