SIZDEN GELENLER

Üstünlikli adamlaryň 7 ýörelgesi

Güýçli, üstünlikli  adamlar, başgalaryň kölegesinde galmaýan adamlardyr.  Başlan işleri üstünlikli tamamlanar, karýeralary kämildir we gazanan üstünlikleri jedelsiz.  Bu diňe bir wezipeli adamlar hakda däl, siziň we tanyşlaryñyzyň arasyndaky ýaly adamlar hakda.  Saýlanan ugry boýunça hünärmen, geljegi uly alym, abraýly taslama menejeri ýa-da täsirli iş eýesi.  Elbetde, her kim bu iş durmuşyny, bu endikleri nädip alandyklary bilen gyzyklanýar.  Ine güýçli we üstünlikli adamlaryň 7 ýörelgesi.

  1.  Her gün kemçilikleriňiziň üstünde işläň. Ynamly boluň;
  2.  Gaharlanmaň, meseläniň çözgüdini gözläň;
  3.  Başlan ähli işleriňizi tamamlaň;
  4.  Ýeňil ýollary gözlemäň, ýöne manyly çözgütleri gözläň;

5. Ýadyňyzdan çykarmaň, şowlulyk her gün ownuk kemçilikleriň üstünde işlemegiň netijesidir;

6.  Her gün öz islegiňiziň we özüñizi alyp barşyňyzyň üstünde işläň;

7. Başgalardan kömege garaşmaň. Her kimiň öz durmuşy, öz meseleleri, öz jogapkärçiligi bar.  Bu dünýäde bil baglap boljak ýeke-täk adam —özüñiz.

Şeýle hem, islendik ugurda geçirilen synaglardan netije çykarmagy öwreniň.  Şu gün bilen ýaşa, möhüm işiňi ertir üçin goýma.  Elmydama meýilleşdiren işiñizi öz wagtynda ýerine ýetirmegi öwreniň. Göwräñizi dik saklaň we tüýs ýürekden ýylgyryň.

                                                        Joşgun Hajyýew,

                                                                               Türkmen oba hojalyk institutynyñ

                                                                             Agronomçylyk fakultetiniñ talyby

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

Mustezat özboluşly bir şygyr görnüşidir

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry