BILIM

Uniwersitetimiziň talyby “Talyp gözeli-2023” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

3-nji martda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bäsleşiginde talyp gyzlar 3 tapgyrda bäsleşdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, birinji şertde oňa gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdym, goşgy, sahna çykyşlary arkaly görkezdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde talyplar Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan üçünji tapgyrynda talyp gyzlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä,

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa “Talyp gözeli-2023” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we baş baýraga mynasyp boldy.
  • Şeýle hem gözellik bäsleşiginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby Güljan Bazarowa birinji,
  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Gülşat Gurbangylyjowa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Azatgül Baýramgeldiýewa ikinji,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Jahan Gurbandurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Sapardurdyýewa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Akjemal Agajumaýewa dagy üçünji orna mynasyp boldular.

Bäsleşikde orun alan ähli talyp gyzlara bäsleşigi guraýjylaryň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary gowşuryldy.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň III ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzstanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler

Türkiýede mugt okasyň gelýärmi ? “Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kitap gowşuryş dabarasy

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar