JEMGYÝET

Uly çille başlady

Milli senenama boýunça dekabr aýynyň 7-sinde gara gyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde, ol kyrk gün dowam edýär we gyşyňörküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli aralykda aýazly, sowuk günleriňköp bolýandygy hemmä belli hakykat. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçildi.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyňgar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly. Maldarlaryňarasynda «Dokuzyňüçe ýetermi?» diýen bir söz bar. Ýagny dokuz aýlap ýygnan ot-çöpüňüç aý gyşa ýetse, onda seniň ýagdaýyň gowulygy hasaplanypdyr. Şeýle çopanlar bakýan mallaryny gyşdan dok we tükel alyp çykyp bilipdirler.

Çopanlar gyş pasly doly gutarýança ätiýajy elden berenoklar. Sebäbi uly çille gutarandan soň gelýän kiçi çilläni-de ata-babalarymyz gazaply hasaplapdyrlar. Uly çille bilen baglanyşykly birnäçe edim-gylymlar, däp-dessurlardyr ynançlar hem döräpdir. «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamazmyş», «Uly çillede gan hem bolsaňdiňme, kiçi çillede balam bolsaňdamma!» diýen aýtgylar özünde iňňän giň manylary jemleýär. «Ýalaň aja — ýaz ýagşy» diýlişi ýaly, howanyň gyşda maýyl bolmagy hernäçe gowy görünse-de, ata-babalarymyz «Gyşy gyşsyramadygyňýazy ýaz bolmaz» diýmek bilen, gyşyňaýazly, sowuk günleriniňpeýdasynyňbardygyny-da ünsden düşürmändirler. Aýazly günlerde zyýanly mör-möjekleriň gyrylýandygy hemmä belli hakykat. Hut şonuň üçin-de halkymyz «Ak iner çökmese, gara ýer gaýmaz» diýmek bilen, ýagyşdyr garyň topraga näderejede zerurdygyny hem ýatladypdyrlar. Diýmek, özüniň ak gary bilen aklyk paýlap gelýän uly çille berekediň gönezligidir.

 

Awstriýanyň täze Premýer-ministri kasam kabul etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet we sungat işgärlerini gutlady

Lawrow: türkmen-rus uniwersiteti boýunça hökümetara şertnama taýýarlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Raşid Meredow bilen Marko Rubio arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Beýik Britaniýa Türkmenistana hoşallyk bildirdi