Germaniýanyň günorta böleginde “Uly 7-ligiň” (G7), şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sammit geçirildi.
Bu sammite ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolz, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Lýaýen we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel gatnaşdy.
Bu sammitde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ýolbaşçylary Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasyna bäşdes bir infrastruktura taslamasyny döretmek babatda ylalaşdylar. Munuň üçin 600 milliard dollar bölüp bermek göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň Prezidenti bu barada beren beýanatynda bu taslamanyň çäklerinde durnukly ösüş hem-de umumy global durnuklylygy üpjün etmek üçin gönükdirilen taslamalara maýa goýumlaryň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Hususan-da, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sanly aragatnaşyk, gender deňligi, howanyň üýtgemegi hem-de energetika howpsuzlygy ýaly ugurlardaky taslamalara öňdelik berler.
ABŞ-nyň Prezidenti öňümizdäki 5 ýylda bu taslamalara 200 milliard dollar bermegi göz öňünde tutýandyklaryny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda “Bir guşak, bir ýol” düşünjesini hödürledi. Taslama Hytaýy Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlary bilen birleşdirýän täze söwda ýollaryny, ulag we ykdysady geçelgeleri döretmäge gönükdirilendir. Hytaýyň meýilnamalaryna görä, 4,4 milliard adamy gurşap aljak dünýäniň iň uzyn ykdysady geçelgesi dörediler. 2021-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaýa görä, 138 ýurt we 31 halkara guramasy Hytaý bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi.
27-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama