BIZNES

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-rus bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan topary döretmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtlary baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň strategik ähmiýetine ünsi çekip, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi