TEHNOLOGIÝA

Uçýan ulaglar ýaryşyp başlar  

Uçýan awtoulaglaryň ýakyn geljekde ýaryşa-da goşulmagy ahmal. Awstraliýanyň kompaniýalarynyň birinde munuň üçin ýörite ulag hem işlenip düzüldi. Uçýan sport ulagy «Airspeeder» diýlip atlandyrylýar.

Aslynda, Ýer ýüzi boýunça uçýan ulaglary öndürýän kompaniýalaryň sanynyň barha köpelýändigi ünsi çekerlik ýagdaýdyr. Awstraliýalylaryň öndüren täze ulagy bolsa döwrebap mümkinçilikleriň ählisini özünde jemleýär. Ol uçýar, ýangyja derek elektrik ulanýar. Üstesine-de, sport ulagy. Kompaniýa ulagy diňe bir öndürmek bilen hem çäklenenok. Ol şu ýylyň ikinji çärýeginde «Airspeeder» atly uçýan ulaglaryň ýaryşyny geçirmegi hem meýilleşdirýär. Ulag dikligine we keseligine-de gonup bilýär.

Kompaniýanyň bu ulagyň üstünde işläp gelýänine üç ýyldan hem kän wagt boldy. Indi bolsa ol ýaryşa çykmaga taýýar. Uçýan ulaglaryň ýaryşy baradaky takyk düzgünler ýakyn günlerde yglan ediler.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär

Amerika emeli aň ulgamynda dünýäde birinji bolmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar