TEHNOLOGIÝA

“Twitter”-iň täze eýesi – Ilon Mask

ABŞ-ly işewür Ilon Mask “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn almak üçin 44 milliard dollar babatda ylalaşdylar.

“Tesla” we “SpaceX”  kompaniýalayrnyň baş direktory Ilon Mask, “Twitter” jemgyýetçilik tory kompaniýasyny takmynan 44 milliard dollara satyn almak barada ylalaşyk gazandy. “Twitter” tarapyndan berlen beýanata görä, jemgyýetçilik tory kompaniýasynyň  Ilon Maska her paýnamasy 54,2 dollara satmak barada ylalaşygyň gazanylandygy habar berildi.

Beýanatda geleşik tamamlanandan soň “Twitter”-iň hususy kompaniýa öwrüljekdigi bellenildi. “Twitteri” öňküsinden has gowulaşdyrmak isleýändigini aýdan Mask “Twitter”-iň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny we bu maglumatlary açmak üçin kompaniýa we ulanyjylar bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Ozal “Twitter” -iň 9,2 göterim paýnamasyny satyn alan Mask 14-nji aprelde beren beýanatynda “Twitter” her paýnamasy üçin 54,2 dollar teklip edipdi.

 

 

Türkmenistan öňüni alyş çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary