MEDENIÝET

TÜRKSOÝ: 2024-nji ýyl – Magtymguly Pyragy ýyly bolar

Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisi geçirildi. Şol mejlisde Türkmenistan döwletimiz üçin möhüm kararlar kabul edildi. Hususan-da, 2024-nji ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi.

Duşuşykda kabul edilen möhüm kararlar boýunça taýýarlanan jemleýji beýannama gurama gatnaşyjy döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gol çekdi.

2024-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, şol ýyl türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellener. Türkmenistan bu şanly senäni giňden hem-de halkara derejesinde belläp geçmek üçin taýýarlyk görýär.

2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyr-filosofyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçilipdi.

Ýene-de okaň

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri