JEMGYÝET

«Türkmentelekomdan» ýene bir täze hyzmat

Indi Türkmenistanda ýurduň çägindäki Internet torlaryna ýokary tizlikde birikmäge bolan mümkinçilikler artdyryldy. Muny «Internet» hzymatynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar.

«Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan hödürlenilýän bu täze hyzmat Internete birikdirilmesizden hem işleýär. Bu hyzmat edara-kärhanalar üçin hödürlenilýär. Çünki ýokary tizlikli içki tor olarda maglumatlary geçirmek üçin bahasyz mümkinçilikleri bagyşlaýar.

Ýeri gelende, «Türkmentelekomyň» hyzmatlarynyň geriminiň barha giňeýändigini aýtmak gerek. Bu hyzmatlaryň her biri barada kompaniýanyň resmi saýtynda maglumat berilýär.

 

Related posts

Mirziýoýew «alty ykdysadyýet-bir önüm» formulasy boýunça bilelikdäki önümçiligi teklip etdi

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler