BIZNES

«Türkmentel-2022» halkara sergisi geçiriler

Ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünliklerini görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde  Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirilýär.

«Türkmentel – 2022»  – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. Eksponentler, özleriniň iň ýokary üstünliklerini görkezmek bilen, telekommunikasiýa sektoryna biznes ýöretmekde täze mümkinçilikleri we işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýup, gelejekdäki şertnamalarda we taslamalarda dürmuşa geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi