SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda 24-nji iýunda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan Russiýa ugurly ýörite uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwyna başlanandygy habar berilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak bu gatnawyň awiapetekleri 22-nji iýunda satylyp başlanar.

Awiapetekler satuwy  “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki kassalarynda 22-nji iýunda sagat 10:00-da başlanýar.

Amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan uçar gatnawyň wagty sagat 10:00-da göz öňünde tutulandyr.

Uçar gatnawyň ekonom-klassynyň biletiniň bahasy 600 dollar töweregidir. Ýolagçylar awiapetegiň tölegleri baradaky maglumaty awiakompaniýanyň kassalaryndan maglumat alyp bilerler.

Russiýa barýan daşary ýurtly raýatlardan soňky 48 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan (PSR-test) geçendigini tassyklaýan resminamasynyň talap edilýändigini ýatladýarys.

Soňky gezek Russiýa ugurly gatnaw 17-nji iýunda amala aşyrylypdy.

 

30 ýyldan soňra ilkinji otly gatnawy

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär