JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Täjigistan Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler, ýurduň ykdysady ösüşinde ýetilen belent sepgitler, şeýle hem dünýäde at-abraýynyň yzygiderli berkemegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady. Hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly şahsy goşant goşýandygyny hem-de aýratyn üns berýändigini belläp, türkmen-täjik doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Täjigistan Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara giňişlikde öz at-abraýyny yzygiderli berkidýändigini belledi. “Ýakynda Duşenbe şäherinde geçiren duşuşyklarymyz biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga güýçli itergi berdi. Biz mundan beýläk-de Täjigistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýarys hem-de özara gatnaşyklarymyzy giňeltmek boýunça teklipleridir başlangyçlary goldaýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda «Hakyda göwheri» kitabynyň özbek dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly Pyragy» atly çeper film Nýu-Ýorkda görkezildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler