Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Azerbaýjan Respublikasy durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ynamly öňe barýar. Biz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Siziň baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikleri gazandy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.