JEMGYÝET

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Berkarar Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini şöhlelendirýär. Şu gezekki gözden geçirilişe ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň düzümleriniň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Açylyş dabarasy döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda bu giň möçberli serginiň berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edilip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirilýär.

Bu ýerde energetika, nebitgaz, ulag-logistika, söwda, senagat, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, azyk senagaty we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ýetilen sepgitler, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmekde gazanylan netijeler, sport, syýahatçylyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly ugurlardaky ösüşler görkezilýär.

Serginiň işi 21-nji sentýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar