SPORT

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Russiýa ugrady

Sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň agzalary «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu oýunlara ýurdumyzdan ýetginjek türgenleriň 62-si gatnaşar.

25-nji iýulda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň agzalaryny halkara sport oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netjesinde türkmen sportunyň ýeten belent sepgitleri, ýaşlaryň ähli babatda kämilleşmekleri, şol sanda sport bilen ýokary derejede meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler barada gürrüň edildi. Şeýle hem «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynyň ähmiýeti barada bellenildi.

«Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlary 27-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçiriler. Oňa Aziýanyň dürli ýurtlaryndan 25 topar hem-de Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden 2 müňe golaý türgen gatnaşar.

«Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlary 1996-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän oýunlaryň maksady Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmekden, çagalar-ýetginjekler sportuny ösdürmekden hem-de halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybaratdyr.

Halkara sport baýramçylygynda türkmenistanly çagalar sportuň 9 görnüşi boýunça baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler. Olaryň 6-sy sambo, 9-sy kuraş, 19-sy erkin we grek-rim göreşleri, 10-sy boks, 2-si ýeňil atletika, 2-si suwda ýüzmek, 8-si 3×3 basketbol, 2-si ýaýdan ok atmak, 4-si stol tennisi görnüşlerinden geçiriljek ýaryşlarda güýçlerini synarlar.

 

Messi “Barselona” gaýdyp gelermi?

 

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri