SPORT

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Erzurumda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

29-njy sentýabrda, Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Türkiýäniň Erzurum şäherinde geçiriljek «Türki dilli döwletleriň ýaryşy» üçin ýola çykdy. Bu halkara ýaryş Türkiýäniň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýar we türkmen futbolçylarynyň halkara arenada özlerini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Ýaryşa gatnaşyjy ýurtlar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Türkiýe we myhman hökmünde Gruziýa. Türkmen ýygyndysy «A» toparçasynda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýygyndylary bilen bir hatarda ýerleşýär, «B» toparçasynda bolsa Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Gruziýanyň ýygyndylary ýaryşar.

Duşuşyklara 1-nji oktýabrda badalga berler. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy 1-nji oktýabrda Türkiýäniň, soňra 2-nji oktýabrda Azerbaýjanyň ýygyndysyna garşy meýdana çykar. Bu duşuşyklaryň netijeleri 6-njy oktýabrdaky garşydaşy kesgitlär. Çünki ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen ýygyndysy toparçada haýsy orny eýelese, «B» toparçada şol orny eýelän ýygyndy bilen güýç synanyşar.

Bu ýaryş türkmen futbolçylarynyň 2025-nji ýyldaky Aziýanyň kubogy saýlama tapgyryna taýýarlyk görmekde möhüm ädimdir. Çünki türkmen futbolçylary, 23 ― 27-nji oktýabr aralygynda Tailandda geçirilmeli saýlama duşuşyklara gatnaşarlar. «D» toparça wekilçilik eden ildeşlerimiz 23-nji oktýabrda Tailandyň, 25-nji oktýabrda Hindistanyň, 27-nji oktýabrda bolsa Bruneý adalarynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Ýene-de okaň

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar