Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň we Belarus Respublikasynyň çäklerinde meýilnama esasynda geçirilýän «Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim çäresine Türkmenistandan bilim ulgamynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Bu çärede Türkmenistanyň bilim ulgamyna wekilçilik edýän topara Aşgabat şäheriniň 64-nji orta mekdebiniň müdiri Mekan Annaýew (topar ýolbaşçysy) we Aşgabat şäherinden, Arkadag şäherinden, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan, A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebinden, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinden 1 okuwçy (jemi 1 mugallym we 9 okuwçy) gatnaşýar.
«Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim çäresiniň çäklerinde meýilnama laýyklykda gezelençler gurnalýar.
Gezelenjiň ilkinji güni – 21-nji iýunda Brest şäherinde geçirilen Start taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyldy. Bu ýerde «Brest galasy – gahryman gala» we «Ýeňiş otlusy» ekspozisiýasynyň geçirilýän meýdaçasyna gezelenç edildi.
Gezelenjiň ikinji güni – 22-nji iýunda Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň geňeşiniň başlygy N.I.Koçanow bilen bilelikde dialog meýdançasynda «Ýadygärlik otlusy» taslamasynyň dabaraly çäresine, gül goýuşlyk dabarasyna gatnaşyldy. Gatnaşyjylar meýilnama laýyklykda, «Belowež gür tokaýlygy (Belowežskaýa puşa)» milli seýilgähinde Brest galasyna degişli harby-taryhy keşpleri suratlandyrýan taryhy ýadygärlikleri synladylar.
Gezelenjiň üçünji güni – 23-nji iýunda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherindäki «Täze gala», «Köne gala» we Koložsk ybadathanasyna pyýada gezelenje gatnaşdylar.
Gezelenjiň dördünji güni – 24-nji iýunda Minskdäki «Hatyn» memorial ýadygärlikler toplumyna, Minsk döwlet çagalar we ýaşlar köşgüne, Belarussiýanyň milli kitaphanasyna, Belarussiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň durmuş howpsuzlygy boýunça bilim merkezine syýahat edildi.
Gezelenjiň bäşinji güni – 25-nji iýunda Gomel harby-taryhy toplumyna, «Partizanskaýa krininiçka», «Spartak», «Gomel» köşk-seýilgäh ansamblynyň, Ýeňil atletika boýunça Gomel sebiti merkeziniň olimpiýaçylarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Gezelenjiň altynjy güni – 26-njy iýunda Witebskdäki Witebsk we Polotsk konditer önümleri fabrigine, Marka Şagala muzeýine, Witebskdäki Birinji döwlet çagalar we ýetginjekler olimp sport mekdebine gurnalan gezelençlere gatnaşdylar.
«Ilwa, Witebsk» syýahatçylyk agentligine, Spaso-Ýefrosiniýewsk ybadathanasyna, Ýefrosiniý Polotsk adyndaky Polotsk döwlet uniwersitetine, Polotskdaky Kadet uçilişesine baryp gördüler, Polotsk gadymy Sofisk taryhy muzeýiniň arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşdylar we «Polotsk: gadymy we müdimi juwan» horeografik teatr sahnasyna tomaşa etdiler.