BILIM

Türkmenistanyň wekilleri Kembrij şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherinde 2026-njy ýylyň 25-31-nji ýanwary aralygynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Hünär kämilleşdiriş okuwlary Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA Phase II) çäklerinde taslama gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň ýolbaşçy düzümi üçin Kembrij uniwersitetiniň Neşir we bahalandyrma bölümi bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan PRESETT liderlik başarnyklaryny ösdürmek maksatnamasy esasynda geçirilýär.

Okuw saparynyň esasy maksady PRESETT (Pre-Service Teacher Education) ulgamynda ýolbaşçylyk we dolandyryş mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden, iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy we innowasion usullary bilen tanyşmakdan, okatmagyň häzirki zaman pedagogiki usullaryny we mugallymlary taýýarlamakda halkara tejribäni öwrenmekden, okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we bahalandyrmak ulgamy boýunça bilimleri giňeltmekden, sanly tehnologiýalaryň we häzirki zaman okuw serişdeleriniň ulanylyş tejribesini öwrenmekden we alnan tejribäni Türkmenistanyň bilim ulgamynda ulanmak mümkinçiliklerini seljermekden ybaratdyr.

Saparyň birinji güni, ýagny 26-njy ýanwarda okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol gün geçirilen ilkinji “PRESETT maksatnamasynyň çäginde iňlis dili özgertmelerine ýolbaşçylyk etmek” atly okuw sapagynyň dowamynda ganaşyjylar bilim özgertmelerini meýilleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Kembrij uniwersitetiniň Neşir we bahalandyrma bölümi tarapyndan alnyp barylýan okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak we iňlis dilini giň möçberde ornaşdyrmak boýunça tejribeler öwrenildi. Gatnaşyjylar öz edaralarynda bar bolan meseleleri kesgitläp, olaryň çözgütlerine gönükdirilen başlangyç ugurlary anykladylar.

Häzirki wagtda okuw saparynyň maksatnamasyna laýyklykda hünär kämilleşdiriş okuwlary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Katar bilim ulgamynda ähtnama gol çekdi

Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektorynyň Türkmenistana sapary

Türkmenistan bilen Italiýa bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Aşgabatda talyplaryň arasynda açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri