DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar.

Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar.

Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Sekretariatynyň işgärleri, medeniýet ministrleri, Ilçiler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň jogapkär sekretarlary we guramanyň dürli agza ýurtlaryndan degişli ugurdaky bilermenler gatnaşdylar.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 gymmatlygyň ýagdaýyny gözden geçirer, olaryň 57-si Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen howp abanýan gymmatlyklardyr.

26-29-njy iýul aralygynda 27 gymmatlygy Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek baradaky tekliplere garalar. Talapnamalar gymmatlyklaryň şu toparlary boýunça serediler: tebigy, garyşyk we medeni.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri