DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň barşynda Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Ýurtlarymyz bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy, edebi şahsyýetleriniň, tanymal sungat wekilleriniň ömri-döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler, ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov