Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyk bar bolan we täze sebitleýin parahatçylyk zolaklaryny döretmäge, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem döwletleriň we sebitleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara ynamy berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklady. Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyk zolaklaryny, hususan-da, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek we berkitmek meselesindäki üýtgewsiz garaýşyny nygtady.
Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kararnamasynyň kabul edilmeginiň sebit derejesinde parahatçylyk, dialog we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmekde möhüm ädimdigini aýtdy.
Parahatçylyk zolaklarynyň durnuklylygyň gurallary bolmak bilen, diplomatiýa üçin özboluşly meýdançalar we parahatçylyk prosesleri üçin sebit jogapkärçiliginiň beýany bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenildi.
Gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, duşuşyk sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin pikir alyşmak we bilelikdäki çemeleşmeleri ilerletmek üçin möhüm maýdança öwrüldi.
***
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu Maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy.