DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bangkokda (Tailand) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar.

Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek çäreler bilen bagly meselelere seredilýär.

Şeýle hem Baş Assambleýanyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň we Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidenti wezipesine dört ýyl möhlet bilen Geňeşiň komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Talal Fahad Al-Ahmad Al-Sabah saýlandy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler