DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy.

Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Taraplar lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda ýadro energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da IAEA bilen hyzmatdaşlyk hakynda çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamakda taraplaryň tagallalaryna ýokary baha berildi.

***

Şol gün türkmen wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

         ***

Şeýle hem 16-njy sentýabrda Awstriýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginde RF, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy jenap Gerhard Saýler bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda BMG we beýleki halkara guramalaryň saýlawly edaralaryna dalaşgärligiň we iki ýurduň öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanýandygy bellenildi.

Taraplar 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Wena sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary